Sportico neşiri 2025-nji ýylda dünýäniň iň köp girdeji gazanan on türgeniniň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny ýene-de Kriştianu Ronaldu eýeledi. Portugaliýaly futbolçy bir ýyl ozalky görkezijiler ($260 mln) bilen öňdebaryjylygy saklady. Demirgazyk amerikan neşiriniň maglumatlaryna görä, ilkinji onluk şeýle görnüşde: Kriştianu Ronaldu (futbol) – 260 mln dollar; Saul Alwares (boks) – 137 mln dollar; Lionel Messi (futbol) – 130 mln dollar; Huan Soto (beýsbol) – 129,2 mln dollar; Lebron Jeýms (basketbol) – 128,7 mln dollar; Karim Benzema (futbol) – 115 mln dollar; Stefen Karri (basketbol) – 105,4 mln dollar; Sýoheý Otani (beýsbol) – 102,5 mln dollar; Kewin Dýurant (basketbol) – 100,8 mln dollar; Jon Ram (golf) – 100,7 mln dollar. 2024-nji ýylda ilkinji üçlük başgaçady. Şol ýyl ikinji orunda 153,8 mln dollar bilen Stefen Karri ýerleşdi, üçlügi bolsa boksçy Taýson Fýuri ($147 mln) jemläpdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir