Italýan modelýeri, Valentino moda öýüniň esaslandyryjysy Walentino Garawani Rimde öýünde aradan çykdy. Bu barada 19-njy ýanwarda Corriere della Sera gazeti habar berdi. Ol 93 ýaşyndady. Walentino Garawani 1960-njy ýylda Jankarlo Jametti bilen bilelikde Valentino moda öýüni esaslandyrdy. Brend eýýäm işläp başlan ilkinji ýyllarynda giňden tanalyp, Golliwudyň ýyldyzlary we ýokary gatlagyň wekilleri bilen işleşip başlady. Ilkinji uly üstünlik 1962-nji ýylda Florensiýada Valentino-nyň Gotha moda görkezilişinden soň gazanyldy. Şonda brendiň wizitkasyna öwrülen we gyzyl ýodada öňe saýlanýan mämişi-gyzyl reňk – Rosso Valentino hödürlendi. Valentino moda öýi Elizabet Teýlor, Odri Hepbýorn, Sofi Loren, şa gyzy Diana, şa gyzy Margaret üçin egin-eşikleri, şeýle-de Enn Heteueý, Jennifer Lopez, Sofi Hanter we Şwesiýanyň şa gyzy Madlen üçin toý köýneklerini döretdi. 1963-nji ýylda brend Žaklin Kennedi üçin alty sany ýas geýimini tikdi. 1998-nji ýylda esaslandyryjylar moda öýüni HdP toparyna satdy, 2002-nji ýylda bolsa ol Marzotto toparyna geçdi. Walentino 2007-nji ýyla çenli çeperçilik ýolbaşçysy bolup galdy we şol ýylyň sentýabrynda moda pudagyndan gidýändigini mälim etdi. Şondan soň modelýer öz eskizleriniň we işleriniň sergilerini gurnady, 2016-njy ýylda bolsa «Trawiata» operasyna prodýuserlik etdi hem kostýum hudožnigi bolup çykyş etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir