Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti degişli halkara guramalaryň degişli şahadatnamasyna eýe bolan öndürijilerden sport iýmitlerini we ýörite iýmit goşundylaryny satyn almak hem-de olary ýurduň çägine getirip bermek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin tender-bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüz tutmalar 16-njy fewrala çenli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň binasynda kabul edilýär. Komitetiň salgysy: Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, jaý 54. Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz: 39-98-15.