BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Konsepsiýasyny hem-de 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny taýýarlamaga goldaw berdi. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda habar berdi. Onuň bellemegine görä, BMGÖM-niň goldawy bilen maliýe hasabatlylygyny ýöretmekde we Milli hasaplar ulgamyny ornaşdyrmagyň metodologiýalarynda innowasiýalar durmuşa geçirildi. Eksport-import amallary üçin «Bitewi penjire» ulgamyny döretmegiň çäklerinde gümrükde töwekgelçilikleri dolandyrmak işi güýçlendirildi. «UN/CEFACT standartlaryny ulanmak arkaly SMGS demir ýol nakladnoýynyň elektron ekwiwalentini ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylan pilot taslamasy möhüm ädim boldy. Bu bolsa Türkmenistany dünýäniň iň gowy tejribelerine has-da ýakynlaşdyrdy» diýip, utgaşdyryjy belledi. Şeýle hem BMGÖM hünär bilimi berýän edaralaryň dördüsini döwrebap IT-infrastrukturasy bilen üpjün etdi we ýüzden gowrak ýaşlaryň degişli okuwlary geçmegini gurady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir