SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask OpenAI we Microsoft kompaniýalaryna garşy şikaýat arzasyny berip, özüne öwez tölegi hökmünde 79 mlrd dollardan 134 mlrd dollara çenli tölemegi talap etdi. Bu barada Reuters we Bloomberg agentlikleri habar berýär. Mask OpenAI-iň täjirçilik däl statusyndan ýüz öwrüp we Microsoft bilen hyzmatdaşlyga girip, özüni ýalňyşdyrandygyny aýdýar. Onuň pikiriçe, bu ony 2015-nji ýylda kompaniýa döredilende ilkinji 38 mln dollar möçberdäki maýa goýumdan alnan girdejiden mahrum etdi. «Ilon Mask bolmadyk bolsa, OpenAI bolmazdy. Ol başlangyç maliýeleşdirmäniň esasy bölegini, öz abraýyny üpjün etdi we masştabirleme barada bilýän ähli zadyny öwretdi» – diýip, Maskyň aklawçysy Stiwen Molo Reuters agentligine aýtdy. Öwez töleginiň möçberi hünärmen Si Pol Wazzan tarapyndan hasaplandy. Onuň hasaby boýunça, OpenAI-iň «bikanun girdejisi» 65,5 mlrd dollardan 109,4 mlrd dollara, Microsoft-yňky 13,3 mlrd dollardan 25 mlrd dollara ýetýär. Kompaniýalaryň ikisi-de bu hasaplamalary ret etdi. «Wazzanyň usulyýeti oýlanyp tapylan, onuň netijelerini barlamak mümkin däl, çemeleşmäniň özi bolsa öň görlüp-eşidilmedik» – diýip, hukukçylar belledi. OpenAI Maskyň talaplaryny «çynlakaý däl» diýip atlandyrdy, kompaniýanyň ýolbaşçysy Sem Altman bolsa şikaýat arzasyny «ýarag hökmünde hukuk ulgamynyň ulanylmagy» diýip häsiýetlendirdi. OpenAI kompaniýasy (ChatGPT-ni işläp düzüji) 2015-nji ýylda döredildi. Üç ýyldan soň Mask onuň müdirler geňeşinden çykdy we 2023-nji ýylda öz xAI kompaniýasyny döretdi. Mask OpenAI-iň ýolbaşçysy Sem Altman bilen onuň kompaniýany täjirçilik kärhanasyna öwürmek meýilnamalary sebäpli 2024-nji ýyldan bäri dawalaşýar. 2025-nji ýylyň oktýabrynda OpenAI üýtgedip gurmak işleriniň tamamlanandygyny aýtdy. Microsoft kompaniýasy onda 27% paý aldy, OpenAI-iň özi bolsa 500 mlrd dollar bilen bahalandyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir