Gresiýanyň Ewiýa adasynda arheologik gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. 2023-nji ýylda ol ýerden biziň eýýamymyzdan öňki VII asyra degişli ybadathana tapyldy. Gresiýanyň Medeniýet ministrligi arheologlaryň şondan bäri gymmatly artefaktlary, şol sanda Korinf alebastryny, attis wazalaryny, dessur küýzelerini, merjen we koral bilen bezelen altyn we kümüş şaý-seplerini, gündogar tumarlaryny, bürünç we demir zatlary tapandygyny habar berdi. Başdaky gazylan gatlaklarda öküzleriň we goçuň bürünç şekiljikleri, şeýle hem Mikena döwrüne degişli toýun öküz kelle süňki tapyldy. Gazuw-agtaryş işlerine Gresiýanyň özünden we Şweýsariýadan gelen 50 hünärmenden ybarat topar ýolbaşçylyk edýär. 2023-nji ýylda doly arassalanan binanyň uzynlygy 30 metrden gowrak. Bu, şol döwrüň ybadathanalary üçin adaty ölçeg. Ybadathananyň daşky diwarlary we günbatar tarapdaky arka abat ýagdaýda. Gözlegçiler binanyň içinden birnäçe ojak tapdylar. Olaryň pikiriçe, ojaklar gurbanlyk ýeri hökmünde ulanylan bolmaly. Ojaklaryň nal şekillidigi aýratyn ünsi çekýär. Kül we köýen süňkleriň galyň gatlagy ojagyň ýygy-ýygy ulanylandygyny görkezýär. «Bu gurluşlaryň käbiriniň ybadathananyň özünden has gadymydygyny inkär edip bolmaz» diýip, bilermenler boýun alýarlar. Çünki nal şekilli gurbanlyk ojagynyň aşaky gatlagyndan biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyryň ahyrlaryna degişli keramika hem tapyldy. Gazuw-agtaryş işleri bu ýeriň taryhynyň azyndan biziň eýýamymyzdan öňki IX asyra degişlidigini görkezdi. «Iň irki gatlaklaryň öwrenilmegi ýaňy başlansa-da, ilkinji tapyndylar bu medeni binanyň Mikena siwilizasiýasynyň pese gaçmagyndan soňky asyrlara degişlidigini görkezýär» diýip, Gresiýanyň Medeniýet ministrligi mälim edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir