SpaceX kompaniýasy NROL-105 missiýasynyň uçuşyny amala aşyrdy. Ol Falcon maşgalasyna degişli raketanyň 600-nji uçuşy boldy. Uçuş ýerli wagt bilen 16-njy ýanwarda agşam geçirildi. Bu 2026-njy ýylda SpaceX-iň ýedinji missiýasy we şu ýylda ABŞ-nyň milli howpsuzlygynyň bähbitleri üçin amala aşyrylan ilkinji uçuryş boldy. Falcon 9 raketasy gündogar wagty bilen 23:39-da Kaliforniýadaky Wandenberg ABŞ-nyň kosmos güýçleriniň bazasyndan uçuryldy. Uçuş ABŞ-nyň Milli harby-kosmos gözegçilik edarasynyň (NRO) sargydy boýunça ýerine ýetirildi. NROL-105 missiýasy Distributed Architecture programmasynyň çäklerinde on ikinji missiýa boldy. Ol gözegçilik hemralarynyň täze neslini döretmäge gönükdirilýär. Programma köp sanly kiçi kosmos enjamlarynyň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Şeýle çemeleşme hemra ulgamyny has çeýe dolandyrmaga, enjamlary orbitada has çalt ýerleşdirmäge, çykdajylary azaltmaga we hemralaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Gizlinlik sebäpli SpaceX we NRO hemralaryň sany, olaryň orbitalary we işe giriziljek möhleti barada maglumat bermedi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir