20-nji ýanwarda, sişenbe güni, Ýerde G3 we G4 derejeli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi. Alymlaryň maglumatlaryna görä, tupanlar gönüden-göni Ýere tarap gönükdirilen Gün plazmasynyň zyňyndylary sebäpli ýüze çykýar. Barlaghananyň saýtynda bellenilişi ýaly, G3 derejeli magnit tupany güýçli, G4 derejeli bolsa örän güýçli hasaplanýar. Mundan öň, 18-nji ýanwarda, Günde 2026-njy ýylda ilkinji X toparyna degişli ýokary kuwwatly alawlama hasaba alyndy. Ol Ýeriň garşysyndaky görünýän Gün diskiniň merkezi böleginde ýerleşýän işjeň № 4341 böleginde bolup geçdi. Alawlamanyň iň ýokary derejesi Aşgabat wagty bilen 23:09-da hasaba alyndy, onuň güýji bolsa X1.95 diýlip hasaplandy. Soňky gezek has güýçli Gün hadysasyna geçen ýylyň 14-nji noýabrynda syn edilipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir