NASA 7 sany kompaniýa bilen ekzoplanetalardan ýaşaýyş alamatlaryny gözlemäge niýetlenen Habitable Worlds Observatory (HWO) kosmos teleskopy üçin tehnologiýalary işläp düzmek maksatly şertnama baglaşdy. Obserwatoriýa ýüzlerçe we müňlerçe ýagtylyk ýylyndan uzaklykdaky, ýyldyzlaryň töwereginde aýlanýan we planetalaryň atmosferasyndan geçýän ýagtylygy seljerer. Kesgitlenen tölegli üçýyllyk şertnamalar Astroscale, BAE Systems Space and Mission Systems, Busek, L3Harris, Lockheed Martin, Northrop Grumman we Zecoat kompaniýalary bilen baglaşyldy. Bu kompaniýalar optik ulgamyň durnuklylygyny atom ölçegindäki takyklyk bilen üpjün etmäge degişli inženerçilik meselelerini çözerler. «Biz çalt hereket edip, möhleti mümkin boldugyça golaýladyrjak bolýarys» diýip, NASA-nyň administratory Jared Isaakman aýtdy. Onuň pikiriçe, bu missiýanyň ýetjek üstünliklerine tutuş adamzat garaşýar. Täze, ägirt güýçli obserwatoriýanyň gurluşygyny 2030-njy ýyllaryň ahyrynda ýa-da 2040-njy ýyllaryň başynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Taslama ýyldyz şöhlesini blokirlemek üçin koronografy ulanmagy hem öz içine alýar. Bu bolsa tutuk reňkli obýektleri synlamaga-da mümkinçilik berer. HWO-nyň dizaýny kosmosda hyzmat etmek we abatlamak mümkinçiligini-de öňe sürýär. Teleskopyň dizaýny Habbl, Jeýms Webb we Nensi Greýs Roman missiýalaryndan alnan maglumatlary öz içine alar (soňky agzalan uçuş şu ýylyň dowamynda meýilleşdirilýär).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir