Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy meýilleşdirýär. Sammit 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanda geçer. Bu barada RF-niň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin žurnalistler bilen metbugat-brifinginde habar berdi diýip, TASS ýazýar. «Oktýabrda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Wiktorowiç Lawrow Türkmenistanda bolar, 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi meýilleşdirilýär, oňa Wladimir Wladimirowiç Putin gatnaşar» diýip, ilçi aýtdy. Wolynkin şeýle hem 28-29-njy ýanwarda Aşgabada Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň sapar bilen geljekdigini, onuň dowamynda sebit howpsuzlygy meseleleri babatda ýokary derejeli ikitaraplaýyn geňeşmeleriň geçiriljekdigini sözüniň üstüne goşdy. «Russiýanyň Hökümet başlygy Mihail Wladimirowiç Mişustiniň GDA agza döwletleriň Hökümet başlyklarynyň mejlisine ýygnagyna gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen gelmegine garaşýarys» diýip, ilçi sözüni jemledi. Dekabrda Wladimir Putin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) abraýly bileleşik hökmünde halkara abraýa eýe bolandygyny nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir