Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek babatda degişi işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer N.Atagulyýew Hökümet mejlisinde habar berdi. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzyň goşulyşan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek hakynda çarçuwaly Ylalaşygy ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlarda häzirki wagtda milli toparlar döredildi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan bu ugurda daşary ýurt tejribesi öwrenilip, Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek babatda degişi işler alnyp barylýar. Bu toparyň döredilmegi halkara ylalaşyklardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen birlikde, sebit we dünýä ýurtlary bilen bu ugurda utgaşykly hereket etmegi dowam etdirmäge hem mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir