Türkmenistanly goragçy Wepa Jumaýew karýerasyny Özbegistanyň Pro-ligasynda dowam etdirer. Maglumatlara görä, milli ýygyndynyň futbolçysy Nukus şäheriniň «Aral» kluby bilen şertnama baglaşdy. 25 ýaşly goragçy soňky 5 möwsümini Belarus çempionatynda geçirdi. Bu döwürde ol jemi 130-dan gowrak duşuşykda meýdança çykdy, şolaryň 70-den gowragy ýokary ligadaky oýunlardyr. Jumaýew klublar derejesinde 4 gol geçirip, 6 asist etdi. Tertip-düzgün babatda-da tapawutlanan futbolçy karýerasy boýunça bary-ýogy 10 sary we 1 gyzyl kart aldy. Soňky oýnan kluby bolan Belarusyň «Witebsk» toparynda Wepa Jumaýew 2024-nji ýyldan bäri çykyş edip, bu döwürde 42 duşuşykda meýdança çykdy we 2 asist berdi. Şeýle-de, ol ozal «Lokomotiw Gomel» hem-de «SKA-1938 Minsk» klublarynyň düzüminde hem çykyş edipdi. Jumaýew Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde häzirki wagta çenli 6 oýunda çykyş edip, 1 gol geçirdi. Bellenilişi ýaly, ol milli ýygyndynyň esasan myhmançylykdaky duşuşyklaryna gatnaşýar we ýygyndy derejesinde entek kart almady. «Transfermarkt» portalynyň maglumatyna görä, goragçynyň häzirki bazar bahasy 100 müň ýewro diýlip görkezilýär.