Jinsi jalbarlary dörän gününden bäri garderobyň esasy bölegi bolmagynda galýar. Edil şonuň ýaly, olaryň modasy hem beýleki trendler bilen birlikde ösýär. Şoňa görä, Real Simple žurnaly professional stilistleriň 2026-njy ýylda haýsy görnüşli jinsi jalbarlaryň moda boljakdygy we haýsy stillere üns bermelidigi barada çaklamalaryny paýlaşdy. Çaklamalara görä, täze möwsüm klassiki we döwrebap görnüşleri birleşdirer. Giň biçüwli jinsi jalbarlar bu ýyl hem ýörgünli bolmagynda galýar. Bu stil dar jinsi jalbarlaryň ornuny tutdy we indi birnäçe möwsüm bäri meşhurlygyny saklap galýar. Manžetli jinsi jalbarlar moda dünýäsine 1990-njy ýyllaryň we 2000-nji ýyllaryň başlaryndaky stili gaýtaryp getirýär. Jalbaryň uzynlygyny we görnüşini üýtgetmäge mümkinçilik berýän bu usul geýen kişiniň üýtgeşik kösenmezden göze gelüwli görünmegine kömek edýär. Bezegli jinsi jalbarlar ýene modada. Gaş, nagyş we demir bilen bezelen jinsiler gündelik birsyhly keşbe ýagtylyk goşýar. Şeýle-de bu görnüş gündiz hem agşam geýmäge-de ýaramlydyr. Bularyň arasyna zolakly futbolklary ýa loferleri goşsaň, gutarnykly sazlaşan görnüşe emele gelýär. Solgunrak, goýy hem gara reňkli ykjam jinsiler ýyrtyk jinsileriň ornuny eýeläp barýar. Bu görnüş geýeni agras görkezýär we ol hatda iş şertlerinde hem geýmek üçin hem amatly. Klassik biçüwli we göni çyzykly jinsiler geçen asyryň ortalaryndaky şekilleri ýatladýar. Gowy ýeri, olar giňräk poplin köýnekler ýa-da ykjam bleýzerler bilen geýseň hem gelişýär. Bularyň üstüne zolakly futbolkany hem loferi goşsaň, onda gutarnykly sazlaşan görnüş emele gelýär. Retro stil ýene-de moda dolanýar. Gonjy klýoş ýa-da çala klýoş biçüwli jinsiler giň geýmegi halaýan, ýöne şol bir wagtda-da saýlanmak hem döwrebap görünmek isleýänleriň göwnünden durýar. Garym-gatym reňkli, işlenmedik denimden tikilen jinsiler döwrebaplykdan yza galmaýan, şeýle hem başgalardan üzül-kesil saýlanmak isleýänleriň garderobyna özboluşlylyk çaýar. Bu möwsümde köp reňkli we ýamak elementli jinsilere has köp isleg bildiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir