LVMH imperiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we baş direktory Bernard Arno Fransiýa Institutynyň düzümine girýän Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu barada "WWD" neşiri habar berýär. Dabaranyň dowamynda Bernard Arno "Chaumet" zergärçilik öýi tarapyndan ýörite taýýarlanylan hormatly gylyç gowşuryldy. Sylagy Fransiýanyň öňki maliýe ministri Bruno Le Mer gowşurdy. Ol öz çykyşynda Bernard Arnonyň moda senagatynyň ösüşine goşan ägirt uly goşandyny belläp, onuň alyp barýan işiniň Fransiýanyň milli abraýy we dünýä taryhy üçin ähmiýetini aýratyn nygtady. Dabara moda we medeniýet dünýäsiniň iň täsirli wekillerini bir ýere jemledi. Myhmanlaryň arasynda Arnonyň maşgala agzalary, Fransiýanyň birinji hanymy Brijit Makron, Parižiň şäher häkimi Ann Idalgo, meşhur dizaýnerler we sungat ussatlary Farrell Uilliams, Mariýa Grasiýa Kýuri we Jonatan Anderson bardy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir