Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Hindistanyň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen bilelikde Hindi kinosynyň festiwalyny guraýar. Festiwal 2026-njy ýylyň 20–24-nji ýanwary aralygynda «Aşgabat» kinoteatrynda geçiriler. Festiwalyň çäklerinde dürli žanrlara we döwürlere degişli bolan dokuz sany hindi filmi tomaşaçylara hödürlener: 20-nji ýanwar, sişenbe, 17:00 — «RRR: Töwerekde rewolýusiýa möwç alýar» (2022) 21-nji ýanwar, çarşenbe, 11:00 — «Zita we Gita» (1972) 21-nji ýanwar, çarşenbe, 17:00 — «12-nji şowsuzlyk» (2023) 22-nji ýanwar, penşenbe, 11:00 — «Disko tansçy» (1982) 22-nji ýanwar, penşenbe, 17:00 — «83» (2021) 23-nji ýanwar, anna, 11:00 — «Ar alyş we kanun» (1975) 23-nji ýanwar, anna, 17:00 — «Rakşa Bandhan» (2022) 24-nji ýanwar, Şenbe, 11:00 — «Ingliş-wingliş» (2012) Filmleriň ählisine tomaşa etmek üçin giriş mugt

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir