Türkiýäniň häkimiýetleri emeli aňy ulanmaga ýaş çäklendirmeleri girizmäge taýýarlyk görýärler: EA-priloženiýelere elýeterlilik 15 ýaşdan kiçi çagalar üçin gadagan ediler. Bu barada «Turkiye Gazetesi» habar berdi. Şeýle çäklendirmeleri işläp taýýarlamaga ýetginjekler tarapyndan EA-nyň gödek şekilleri döretmek üçin peýdalanylmagy sebäp boldy we ol şekiller Türkiýede giň jemgyýetçilik nägileliligini döretdi diýlip, habarda bellenýär. Täze karar bilen ugurdaşlykda, kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin sosial torlardan peýdalanmagy gadagan etmek barada kanun taslamasy taýýarlanýar we ol şu aýyň aýagyna çenli Parlamentiň garamagyna hödürlener.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir