Elektron harytlaryň söwdasyny edýän liwiýaly telekeçi 2010-njy ýylda sargyt eden «Nokia» el telefonlarynyň tapgyryny golaýda aldy. Muňa 2011-nji ýylda ýurtda başlanan raýatlyk urşy we onuň yzysüre döwlet hem-de logistika edaralarynyň işiniň bozulmagy sebäp boldy diýip, «iXBT» portaly habar berdi. Ýük şu döwre çenli Tripolidäki ambarda saklanypdyr, geň ýeri, ony iberiji-de, sargyt ediji-de bir şäheriň çäginde, birek-birekden birnäçe kilometrlikde ekeni. Ýapyk gümrükhana işi, üpjünçiligiň bozulmagy we merkezleşdirilen dolandyryşyň ýokdugy sebäpli, ýük ulgamda ýitirilipdir. Gapyrjaklarda heniz ulanylmadyk düwmeli telefonlar, şol sanda öz döwri üçin meşhur bolan «Nokia N95» we «Nokia Communicator» kysymlar hem bar. Telekeçi bu wakanyň wideosynyň internetde giň seslenme döredendigini gürrüň berýär, ol indi täze «Nokia» telefonlaryny näme etmelidiginiň üstünde kelle döwýär diýlip, habarda bellenýär.