Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýasy üçin 4600 dollardan ýokary galdy. Duşenbe güni, 12-nji ýanwarda Nýu-Ýorkuň gazna biržasyndaky (COMEX) söwdalarda fewral aýy üçin altyn fýuçersleri 2,5% gymmatlap, iň ýokary nokadynda unsiýasy üçin 4612,70 dollara ýetdi. Kümşüň bahasy hem rekord derejeleri täzeledi. COMEX biržasynda mart aýy üçin kümüş fýuçersleri 6,53% ýokarlanyp, iň ýokary derejede unsiýasy üçin 84,52 dollara çenli baryp ýetdi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça altynyň bahasy 64,4%, kümşüňki bolsa 141,4% ýokarlandy. Gymmat bahaly metallaryň bahalarynyň ösmegine göterim derejeleriniň peselmegi, geosyýasy dartgynlylygyň güýçlenmegi we ABŞ-nyň dollaryna bolan ynamyň gowşamagy ýaly amallar sebäp boldy. Kümüş üçin bolsa, bazardaky üpjünçilik gytçylygy (defisit) goşmaça faktor boldy. Altyn däp boýunça maýadarlar tarapyndan ykdysady we syýasy durnuksyzlyk şertlerinde maýany saklap galmagyň ygtybarly guraly hökmünde garalýar. Kümüş bolsa maýa goýum isleginden başga-da, senagatda giňden ulanylýar, bu bolsa öz gezeginde onuň nyrhyna göni täsir edýär.