Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi. "Forbes" neşiriniň ozal habar berşi ýaly, ol taryhda baýlygy 700 milliard dollarlyk çäkden geçen ilkinji adam boldy. 2020-nji ýyldan bäri telekeçiniň baýlygy tas 30 esse artdy. Onuň bukjasyndaky esasy serişde — umumy bahasy 800 milliard dollar diýlip bellenilýän SpaceX kompaniýasyndaky 366 milliard dollarlyk paýydyr. Ikinji orny "Google" kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan biri bolan Larri Peýj eýeleýär. Onuň 257,7 milliard dollarlyk baýlygy "Alphabet" kompaniýasynyň paýnamalarynyň 2025-nji ýylda 63% ýokarlanmagy netijesinde kemala geldi. "Nvidia" kompaniýasynyň baş direktory Jensen Huang 162,5 milliard dollarlyk baýlygy bilen sekizinji orunda ýerleşdi. Onuň kompaniýasynyň paýnamalary soňky ýedi ýylda 4200%-den gowrak ösüş görkezdi. Şol bir wagtyň özünde, köp ýyllaryň dowamynda sanawyň başyny çeken Bill Geýts häzirki wagtda 18-nji orunda durýar. Bu ýagdaý "Microsoft" esaslandyryjysynyň on milliardlarça dollary Bill we Melinda Geýts gaznasyna geçirmegi, şeýle hem köp sanly haýyr-sahawat taslamalaryny maliýeleşdirmegi bilen düşündirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir