Awstraliýanyň Monash we Southern Cross uniwersitetleriniň alymlary agaçlaryň howany diňe ýapraklary bilen däl, eýsem gabygy bilen hem arassalaýandygyny anykladylar. Alymlar bäş ýylyň dowamynda Gündogar Awstraliýanyň dürli ekoulgamalaryndan — mangra tokaýlaryndan we batgalyklardan başlap dag tokaýlaryna çenli — agaç nusgalaryny ýygnadylar. Barlagyň netijeleri agaç gabygynda ýaşaýan mikrob jemgyýetleriniň ýöriteleşdirilen toparlardygyny we agaçlaryň ýüzünde ýaşamaga hem-de gazlary energiýa çeşmesi hökmünde ulanmaga uýgunlaşandygyny görkezdi. Science žurnalynda çap edilen ylmy işde her bir agaç gabygynyň parnik we zäherli gazlary siňdirýän trillionlarça mikroorganizmlere öý bolup hyzmat edýändigi bellenilýär. Agaçlar howanyň üýtgemegine esasan fotosintez prosesi we kömürturşy gazynyň siňdirilmegi arkaly täsir edýär. Emma bu prosesiň başga bir derejesi hem bar. Hut şol derejede, gabykda ýaşaýan mikroblar metany, wodorody, uglerod monoksidini we howadan hem-de agaçdan çykýan uçujy birleşmeleri işjeň ýagdaýda sarp edýärler. Bu gazlar öz gezeginde global maýlamaga täsir edýär we howanyň hilini gowulandyrýar. Ýer ýüzündäki agaç gabygynyň umumy meýdany ýedi yklymyň meýdany bilen deňeşdirilýär. Şol ägirt uly giňişlikde mikroorganizmler her ýyl atmosferadan millionlarça tonna gazy ýok edip, tokaýlaryň klimat taýdan täsirini güýçlendirýärler.