Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Özbegistanyň, Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny, binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni) satyn aldylar. Mundan başga-da, Azerbaýjanyň, Serbiýanyň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, arassalanmadyk guradylan buýan köki ýerlenildi. Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 172 million 780 müň manada deň bolan gaplaýyş plýonkasyny, nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplügi satyn aldylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir