Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň täze mazmuna eýe bolýandygy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda ösdürilýändigi bellenildi. Taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň migrasiýa babatda hyzmatdaşlygynyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir