Netflix striming hyzmaty «Garpyşyk» (Грызня) serial-antologiýasynyň ikinji möwsüminiň çykjak senesini aýtdy. Täze bölümleriň global premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde bolar diýip, Hypebeast habar berýär. Ikinji möwsümiň sýužeti şäheriň daşyndaky elita klubda ýaýbaňlanýar. Wakanyň merkezinde öz başlygynyň we aýalynyň arasyndaky dawanyň tötänleýin şaýady bolýan oglan bilen gyz durýar. Baş keşpleri Çarlz Melton we Keýli Speni ýerine ýetirdi. Dawanyň üns merkezindäki är-aýalyň keşplerini bolsa Oskar Aýzek («Frankenşteýn») we Keri Malligan («Beýik Getsbi») ýerine ýetirdi. Şeýle-de, aktýorlar düzümine günorta koreýaly aktýorlar Ýu Ýe Çžon («Minari») we Son Kan Ho («Mugthorlar») girdi. Taslamanyň awtory hökmünde ýene-de Li Son Çžin çykyş edýär. Ýerine ýetiriji prodýuserler birinji möwsümde baş keşpleri oýnan Stiwen Ýen we Ali Wong boldy. Serialyň önümçiligi bilen A24 studiýasy meşgullanýar. Ikinji möwsüm sekiz bölümden ybarat bolar. «Garpyşygyň» birinji möwsümi 2023-nji ýylyň aprelinde çykdy. Waka awtomobil heläkçiliginden soň durmuşy üýtgän iki nätanyş adama bagyşlanýar. Tötänleýin çaknyşyk üstünlikli, ýöne hemişe basyş astynda bolan zenan telekeçi bilen kyn döwri başdan geçirýän işgäriň arasynda uzaga çeken dawanyň başlamagyna getirýär. Serial tomaşaçylardan we tankytçylardan ýokary baha aldy hem-de üç «Altyn globus» baýragyna we sekiz «Emmi» baýragyna mynasyp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir