Her gün dünýäde 40 milliondan gowrak adam saglyk barada maglumat almak üçin ChatGPT-ni ulanýar. OpenAI-iň hasabatyna görä, çat-botda ähli habarlaryň 5%-den gowragy lukmançylyk temasy bilen baglanyşykly diýip, Axios neşiri habar berýär. Her hepde ChatGPT-ä lukmançylyk maslahatlaryna degişli milliardlarça sorag gelýär. 800 milliondan gowrak yzygiderli ulanyjynyň her dördünjisi, iň bolmanda, bir gezek saglyk bilen bagly sorag berdi. «Emeli aň öz-özünden ýapyk hassahanany gaýtadan açyp, işini bes eden akuşerlik bölümini dikeldip ýa-da beýleki möhüm, ýöne ýitip barýan hyzmatlary çalşyp bilmeýär. Ýöne gysga möhletli geljekde bu öz goşandyny goşup, lukmançylyk hyzmatlary bilen ýeterlik derejede üpjün edilmedik sebitlerde adamlara maglumatlary düşündirmäge, bejergä taýýarlanmaga we lukmançylyk kömegine elýeterlilikdäki boşluklary aradan aýyrmaga kömek eder, şeýle-de seýrek kesellere ýöriteleşýän lukmanlara wagtyny boşatmaga we professional argynlygyň derejesini peseltmäge kömek eder» — diýlip, OpenAI kompaniýasynyň habarynda aýdylýar. Amerikan lukmançylyk assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda ABŞ-da bir ýyl ozalky 38% bilen deňeşdirilende, lukmanlaryň 66%-i EA ulandy. Wolters Kluwer-iň gözlegi ýurtda bäş lukmançylyk işgäriniň ikisinden gowragynyň hepdede azyndan bir gezek generatiw EA-dan peýdalanýandygyny görkezdi. Şeýle-de, OpenAI ABŞ-nyň hassahanalaryň ýetmezçilik edýän oba ýerlerinde her hepde, takmynan, 580 müň lukmançylyk soragynyň gelip gowuşýandygyny belleýär. Kompaniýa saglygy goraýyş pudagynda düzgünleri üýtgetmek boýunça teklipleri neşir etmek meýilnamalary barada aýtdy.