Russiýanyň «Roskosmos» döwlet korporasiýasy öz Telegram kanalynda Ýekeşah ýyldyzlar toplumynda ýerleşýän NGC 2264 dumanlygynyň suraty bilen paýlaşdy. Bu obýekt, köplenç, «Roždestwo arçasy» diýlip atlandyrylýar, sebäbi ol öz daşky keşbi boýunça baýramçylyk agajyny ýada salýar. Onuň arça bilen wizual meňzeşligini ýylpyldaýan ýyldyzlaryň toplumy we ýyldyzara gaz döredýär. Bu obýektiň düzümine başga-da täsin elementler girýär: ortada «Tilki sütügi» atly dumanlyk, şeýle-de şekili kompozisiýanyň ýokarky böleginde uly bolmadyk düňderilen arça meňzeýän Konus dumanlygy ýerleşýär. NGC 2264 astronomik jisimi biziň planetamyzdan örän uzakda – Ýerden 2,5 müň ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Hödürlenen kadrlarda bellibir rakursda arçany bezeýän çyralar ýaly görünýän gaz bulutlary aýdyň görünýär.