8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşykda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryna aýratyn üns berildi. Ilki bilen, diplomatlar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 - 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň netijelerini jemlemek işini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bu hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin Ýolbaşçy komitetiň işiniň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleri guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ikinjiden, duşuşykda türkmen tarapynyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, düzüm birlikleriniň we maksatnamalarynyň Türkmenistandaky edaralarynyň ýerleşmeklerini giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Üçünjiden, taraplar BMG-niň Türkmenistandaky maksatnamalaýyn taslama işleriniň gidişine seredip geçdiler. Gol çekilen resminamalaryň çäklerinde häzirki wagtda ikitaraplaýyn we sebitleýin derejede onlarça taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Mundan başga-da, taraplar FAO bilen bilelikdäki maslahaty, ýaş diplomatlar üçin okuwlary we beýleki möhüm çärelere taýýarlyk görmek we olary geçirmek barada pikir alyşdylar.