8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň dowamynda ýokary döwlet derejesindäki saparlary we duşuşyklary guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň özara saparlarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy geňeşmeleriň deslapky gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Söwda-ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi we onuň indiki mejlisini ýakyn wagtda geçirmegiň möhümdigi nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda geljekki duşuşyklarda we saparlarda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalaryna hem seredilip geçildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir