7-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, ýyllyk syýasy geňeşmeleriň we “Türkmenistan-ABŞ” Işewürler geňeşiniň duşuşyklarynyň netijeliligi bellenildi. Taraplar, hususan-da, amerikan kompaniýalarynyň Turkmenistandaky köp ýyllyk işleriniň netijeliligini we elektrik energiýasy, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda, şol sanda “John Deere”, “General Electric” we “Boeing” ýaly kompaniýalar bilen bilelikdäki işewürlik şertnamalarynyň durmuşa geçirilmegini aýratyn nygtadylar. Diplomatlar bilim, ylym we medeniýet ugurlaryna üns berip, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy türkmen-amerikan medeni dialogyny ýola goýmak başlangyjyny beýan etdi. Duşuşykda ýokary tehnologiýalar we bank-maliýe pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir