Madridiň «Realy» 2026-njy ýylyň Ispaniýanyň Superkubogy ýaryşynyň ikinji finalçysy boldy. Geçen gije Jidda saud şäherinde geçirilen ýarym final oýnunda «Real» Madrid derbisinde «Atletikony» 2:1 hasabynda utdy. Hasap eýýäm 2-nji minutda Federiko Walwerdeniň jerime meýdançasyndan takyk urgusy bilen açyldy. Bu gol hem Habi Alonsonyň toparyna hasapda öňdeligi eýeläp, arakesmä çykmaga mümkinçilik berdi. Ikinji ýarymyň başynda iki topar hem öz hasabyna gol ýazdy. 55-nji minutda Walwerdeniň pasyndan Rodrigo «Realyň» artykmaçlygyny artdyrdy. Üç minutdan soň «Atletiko» hasapda tapawudy azaltdy: Aleksander Serlot gol geçirdi. Şondan soň ahyrky jürlewük sesine çenli hasap üýtgemedi. Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda «Real» «Barselona» bilen oýnar. Katalon kluby bir gün öň birinji ýarym finalda Bilbaodan «Atletigi» 5:0 hasabynda utupdy. Superkubogyň finaly 11-nji ýanwardan 12-nji ýanwara geçilýän gije bolar we oýun Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlar. Geçen ýyl Ispaniýanyň Superkubogynyň eýesi finalda «Realy» 5:2 hasabynda utan «Barselona» bolupdy. Topar bu ýaryşda gazanan titullary boýunça rekord eýesi bolmagynda galýar, onuň hasabynda 15 kubok, «Realyň» hasabynda 13 kubok bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir