8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň rumyn dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda çykyş eden diplomatlar Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň Gündogar edebiýatynyň we dünýä medeniýetiniň taryhynda uly orun eýeleýändigini nygtadylar. “Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň rumyn diline terjime edilmegi iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginiň hem aýdyň mysalydyr” diýip, çykyş edenler aýtdylar. Dostlukly halkyň dilinde ilkinji gezek çapdan çykan bu neşir ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny görkezýär. Täze neşir rumyn dilli okyjylaryň Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi bilen has giňişleýin tanyşmaklaryna mümkinçilik berýär. Onda şahyryň belent adamkärçilik häsiýetlerini wasp edýän goşgulary ýerleşdirilendir. Çykyşlarda söz ussadynyň goşgularynyň rumyn diline terjime edilmeginiň diňe bir beýik Pyraga däl, eýsem, tutuş türkmen halkyna bildirilýän uly hormatyň nyşany hökmünde kabul edilendigi nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen paýtagtymyzyň gözel künjeginde açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda dünýä halklarynyň edebiýat we sungat wekilleri bilen bir hatarda, rumyn halkynyň edebiýatynyň ösmegine goşant goşan meşhur şahyr Mihai Emineskunyň heýkeliniň hem oturdylmagy iki halkyň medeni durmuşynda möhüm waka bolup, Türkmenistanyň we Rumyniýanyň dost-doganlyga, hoşniýetlilige esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek görkezdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir