Broad Arrows auksion öýi ýanwar aýynyň ahyrynda Mihael Şumaheriň karýerasyndaky ilkinji ýeňşini gazanan 1992-nji ýyldaky Benetton-Ford bolidini satuwa çykarar. Guramaçylar 05-nji şassi belgili, doly abatlanan bu awtoulagyň azyndan 8,5 million ýewro satylmagyna garaşýarlar. B192 modeli ilkinji gezek möwsümiň dördünji tapgyrynda — Ispaniýanyň Gran-prisindäki ýaryşda peýda boldy we şonda Şumaher ikinji orny eýeledi. Nemes sürüjisi özüniň ilkinji taryhy ýeňşini bolsa 1992-nji ýylyň awgustynda, Belgiýanyň Gran-prisindäki meşhur Spa-Frankorşam trassasynda gazandy. Ýagyşly howada geçen şol ýaryşda Mihaeliň üstünligine töwekgelçilikli, ýöne dogry saýlanan tekerler, şeýle hem Naýjel Mensell we Rikkardo Patrese tarapyndan dolandyrylan «Williams» bolidleriniň hereketlendirijilerindäki tehniki bökdençlikler ýardam etdi. Bu sport awtoulagy uzak wagtlap «Benetton-yň» baş edarasynda, soňra bolsa «Renault Classic» kolleksiýasynda saklandy. 2015-nji ýylda «LRS Formula» kompaniýasy awtoulagy doly restawrasiýa etmek üçin satyn aldy. 2016-njy ýyldan bäri bolid hususy bir kolleksiýaçynyň eýeçiliginde dur. Onuň ady aýan edilmese-de, auksionçylar eýesiniň meşhur ýaryş sürüjisidigini belleýärler. Bu awtomobil ilkinji gezek açyk auksion arkaly satuwa hödürlenýär. Häzirki wagtda Şumaheriň iň gymmat satylan bolidi Ferrari F2001 bolmagynda galýar. 2025-nji ýylyň maý aýynda bu awtoulag 15 980 000 ýewro bahasy bilen täze eýesine gowuşdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir