LG kompaniýasy täze LG Gram 2026 noutbuklar hataryny yglan etdi. Bu seriýanyň iň esasy modeli bolan 17 dýuýmlyk 17Z90UR, öz ölçegindäki noutbuklaryň arasynda dünýäde iň ýeňili diýlip yglan edildi — onuň agramy bary-ýogy 1,1 kilograma barabardyr. Şeýle rekord netijäni LG-niň öz döreden Aerominum atly ýörite splawy arkaly gazanmak başartdy. Bu material alýuminden has ýeňil, emma berkligi boýunça uglerod süýümine (carbon fiber) meňzeşdir. Korpus ýeňildigine garamazdan, çyzylmalara çydamly we harby standartlara laýyklykda urgulara hem-de titremelere döz gelýär. "Biz agram we berklik meselesiniň arasyndaky gapma-garşylygy çözdük. Ozal ulanyjy ýa güýçli, ýöne agyr 17 dýuýmlyk enjamy, ýa-da ýeňil we belli bir derejede mümkinçilikleri çäkli ultrabugy saýlamaly bolýardy. Indi saýlamagyň zerurlygy ýok" diýip, LG-niň displeý bölüminiň ýolbaşçysy Li Çon Hwoan belledi. Tehniki aýratynlyklary: Wideokarta: 8 GB ýatly ykjam NVIDIA GeForce RTX 5050. Ekran: WQXGA mümkinçilikli 17 dýuýmlyk displeý. Maksady: 3D grafika, 4K wideo montajy we ýokary talaply oýunlar üçin niýetlenen. Enjam "goşa emeli aň" ulgamy bilen işleýär. Lokal AI (ýerli AI) internete baglanmazdan dili terjime edýär, tekst döredýär we faýllary gözleýär. Bulut AI bolsa diňe zerur bolan ýagdaýynda işe girýär. LG Gram Chat diýlip atlandyrylýan bu platforma şahsy maglumatlaryň gizlinligini goramaga gönükdirilendir. Şeýle hem, gram Link funksiýasy arkaly noutbuk beýleki enjamlar bilen simsiz maglumat alşyp, dolandyryş merkezine öwrülýär. Eger noutbuk ýitirilse, eýesi LG ThinQ arkaly ony uzakdan gulplap we içindäki maglumatlary bütinleý pozup biler. 17 dýuýmlyk noutbuk ilkibaşda diňe Demirgazyk Amerikada satuwa çykar. Beýleki ýurtlar üçin bolsa OLED ekranly Pro 16 modeli taýýarlanylýar. Umumy satuwlaryň ýylyň ortalarynda başlamagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir