Las-Wegasda geçirilýän CES 2026 tehnologiýa sergisinde Mercedes-Benz kompaniýasy GLC krossoweriniň doly elektrikleşdirilen wersiýasyny we flagman S-Class sedanynyň uly täzelenmesini tanyşdyrdy. Täze elektrikli GLC modeli özüniň üýtgeşik dizaýny bilen tapawutlanýar: Daşky görnüşi: 942 sany yşyklandyrylan nokatly radiator gözenegi, korpusa "gizlenen" gapy tutawaçlary we aerodinamiki bamperler. Kuwwaty: 800 woltlyk platformada gurlan awtoulag 489 at güýjüni öndürýär we bir gezekki zarýad bilen 713 km ýol geçip bilýär. Salony: 39,1 dýuýmlyk äpet MBUX HyperScreen displeýi we Microsoft hem-de Google tarapyndan işlenip düzülen emeli aňly MB.OS operasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Awtopilotda täze rekord: Drive Pilot Nemes brendi 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda çykjak täzelenen S-Class barada aýratyn durup geçdi. Bu modelde esasy tehniki täzelik Drive Pilot ulgamy bolar. Awtopilot indi öňki 95 km/sagat tizligiň ýerine, 110 km/sagat tizlikde awtomatiki usulda sürmäge mümkinçilik berýär. Ulgamyň hatasyz işlemegi üçin ulag kämilleşdirilen lidarlar, 10 kamera, 5 radar we 12 sany ultrases sensory bilen üpjün edildi. Kompaniýanyň wekilleri bu täze awtopilot funksiýasynyň diňe täze öndürilýän ulaglar üçin elýeterli boljakdygyny nygtadylar. Sebäbi Drive Pilot-yň bu wersiýasy häzirki awtoulaglarda ýok bolan ýörite apparat üpjünçiligini (hardware) talap edýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir