Nike brendi 2025-nji ýylyň iň köp isleg bildirilýän krossowkalarynyň täze reýtingini düzdi. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, sanawyň birinji ornuny ilkinji gezek 2013-nji ýylda satuwa çykarylan Air Jordan 11 Gamma modeli eýeledi. Sanawdaky 10 jübütiň ählisi hem basketbol estetikasy bilen suwarylgydyr. Olaryň 6-sy Jordan liniýasyna, 4-si bolsa Nike Basketball seriýasyna degişlidir. Reýtingde retro modelleriň we nusgawy krossowkalaryň gaýtadan neşir edilen görnüşleriniň (re-release) sany örän köp. Gyzykly tarapy, sanawyň tas ählisi 10 ýyldan gowrak taryhy bolan modellerden ybarat. Diňe iň soňky orundaky Travis Scott x Jordan Jumpman Jack Bright Cactus modeli "ýaş" taslama hasaplanýar. 2025-nji ýylyň iň gowy 10 Nike modeli: Air Jordan 11 Gamma Nigel Sylvester x Air Jordan 4 Brick by Brick Air Jordan 4 Black Cat Nike Kobe 8 Protro What The Air Jordan 12 Flu Game Air Jordan 5 Black Metallic Reimagined Nike Air Foamposite One Galaxy Nike Kobe 6 Protro Dodgers Nike Kobe 6 Protro All-Star Travis Scott x Jordan Jumpman Jack Bright Cactus