2026-njy ýylda dünýäniň iň çalt elektrik otlusy bolan CR450 ýolagçy gatnawlaryna rugsat almak üçin iň soňky "ulanylyş bahalandyrmasyndan" geçer. Hytaýyň China Railway Rolling Stock Corporation (CRRC) korporasiýasy demir ýol infrastrukturasyna 520 milliard ýuan maýa goýmagy we 2000 kilometrden gowrak täze ýoly işe girizmegi meýilleşdirýär. Esasy üns sagatda 400 km tizlik bilen hereket etmäge niýetlenen ugurlara gönükdiriler. Otly öz ygtybarlylygyny subut etmek üçin jemi 600 000 kilometr ýol geçmeli bolar. Öňki geçirilen synaglarda bu otly eýýäm rekord derejede — sagatda 453 km tizlige ýetipdi. Inženerler Çendu-Çunsin ugrunda täze tehnologiýalary synagdan geçirmegi we bar bolan ýollary döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýärler. Inženerler otlynyň dizaýnyny we "içki gurluşyny" düýpli kämilleşdirdiler: Agram we ölçeg: Täze model öňki nusgalaryndan 50 tonna ýeňil we 20 santimetr pes bolar. Aerodinamika: Tekerler indi ýörite akymly korpusyň içinde gizlenýär. Bu bolsa beýleki gowulandyrmalar bilen bilelikde howanyň garşylygyny 22% azaltmaga mümkinçilik berdi. Tizleniş dinamikasy: CR450 bary-ýogy 4 minut 40 sekuntda 350 km/sagat tizlige ýetýär. Bu görkeziji häzirki wagtda ulanylýan Fuxing otlusyndan takmynan iki minut çalt diýmekdir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir