«Pari Sen-Žermen» (PSŽ) taryhynda 14-nji gezek Fransiýanyň Superkubogynyň eýesi boldy. 8-nji ýanwarda Kuweýtiň bitarap meýdançasynda geçirilen final duşuşygynda parižliler «Marsel» toparyndan üstün çykdylar. Oýnuň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy, penalti tapgyrynda bolsa PSŽ 4:1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda hasaby 13-nji minutda Usman Dembele açdy. Roberto De Dzerbiň şägirtleri arakesmeden soň has işjeň oýun görkezip başladylar. Meýson Grinwud öz gazanan penaltisini dürs urup, hasaby deňledi — 1:1. 87-nji minutda parižlileriň goragçysy Wilýam Paço tapy aýyrjak bolup, ony öz derwezesine (awtogol) girizdi we «Marseli» öňe çykardy — 2:1. PSŽ ähli güýjüni hüjüme tarap gönükdirdi we oýnuň goşmaça berlen 5-nji minutynda Gonsalu Ramuşyň goly arkaly ýeňlişden gutulmagy başardy. Penalti tapgyrynda PSŽ-niň derwezebany Lýuka Şewalýe oýnuň gahrymany boldy. Ol garşydaşyň iki urgusyny yzyna gaýtaryp, toparynyň ýeňşine uly goşant goşdy. 2013-nji ýyldan bäri geçirilen soňky 13 sany Superkubok ýaryşynda PSŽ 12 gezek kubogyň eýesi boldy. Diňe 2021-nji ýylda «Lill» topary bu "däbi" bozupdy. Şeýle hem, PSŽ-niň hasabynda 1995-nji we 1998-nji ýyllarda gazanylan ýene iki sany Superkubok bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir