«Mançester Siti» resmi saýtynda «Bornmut» toparynyň ganaly wingeri (hüjümçisi) Antuan Semenýonyň transfer edilendigini yglan etdi. Ganaly futbolçy bilen 2031-nji ýylyň tomsuna çenli, ýagny bäş ýarym ýyllyk şertnoma baglaşyldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, transferiň bahasy bonuslar bilen bilelikde 75 million ýewro (£65 mln) barabar boldy. «Bornmutyň» metbugat gullugy bu geleşigiň klubuň taryhyndaky iň gymmat satyş bolandygyny mälim etdi. Semenýonyň Angliýanyň Premýer-ligasynyň beýleki dört ägirdi bolan — «Çelsi», «Tottenhem», «Liwerpul» we «Mançester Ýunaýted» ýaly klublaryň tekliplerinden ýüz öwrüp, «Mançester Sitini» saýlandygy barada aýdylýar. Futbolçynyň esasy islegi Pep Gwardiolanyň ýolbaşçylygynda oýnamakdan ybarat bolupdyr. 26 ýaşly Semenýo APL-iň şu möwsüminde 20 oýunda 10 gol geçirip, 3 goluň pasyny berdi. Ol jemi 110 oýunda 32 gol we 13 assist etdi. Semenýo ozal «Bristol Siti», «Nýuport Kaunty» we «Sanderlend» ýaly toparlarda hem çykyş edipdi.