Fransiýanyň paýtagtynyň «Şarl-de-Goll» hem-de «Orli» howa menzillerinde güýçli gar ýagmagy sebäpli 100-den gowrak uçuş ýatyryldy diýip, ýurduň ulag ministri Filipp Tabaro «CNews» teleýaýlymynda habar berdi. Ministr howa duralgalaryndaky emele gelen ýagdaýa çylşyrymly diýip baha berdi hem-de ýagdaýyň kadalaşjakdygyna umyt bildirdi. Öň Fransiýanyň howa gullugy ýurduň Ýewropa bölegindäki 96 departamentiň 30-synda gar hem-de taýgançak sebäpli howa howplulygynyň gülgün derejesini girizdi. «BFMTV» teleýaýlymy gar ýagan sebitlerde ýük we mekdep ulaglarynyň hereketiniň ýatyrylandygyny habar berdi. Bulaşyk howa şeýle-de tiz otly gatnawlaryna hem-de beýleki jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketine päsgelçilik döretdi. Fransiýanyň ýollaryndaky dyknyşyklaryň umumy uzynlygy 1,6 müň kilometrden geçdi diýip, «ria.ru» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir