Daşoguz wlaýatynda azyk bolçulygyny döretmek, ilaty gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek bilen bagly 2025-nji ýylda giň gerimli işler geçirildi. Kärendeçi daýhanlar 8 müň 800 gektar ýerden 125 müň tonna ýeralma, 2 müň 200 gektar meýdandan 55 müň tonnadan gowrak sogan öndürip, ýokary netije gazandylar. 2025-nji ýyl welaýatda käşiriň, pomidordyr hyýaryň, beýleki gök, miwe hem bakja önümleriniň hasyllylygy has-da ýokarlandy. Bu barada 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenilýär. Sebitiň döwrebap maldarçylyk toplumynda önümçiligiň ähli görnüşleri boýunça ýokary netijeler gazanylýar. Kuwwatlylygy ýylda 2 müň tonna süýdi we 120 tonna eti gaýtadan işlemäge niýetlenen bu kärhanada gazanylýan ýokary netijeler onuň obasenagat pudagynyň döwrebap hem ygtybarly düzüm bölegine öwrülýändigini aýdyň görkezýär. Halk hojalygynyň esasy bölegi oba hojalygyna dahylly düzümlerden ybarat bolan Daşoguz welaýatynyň daýhanlary 145 müň gektar meýdanda ak bugdaýyň, ussat pagtaçylar hem 155 müň gektar ýerde «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Geçen ýyl Aýböwür ýaýlasynda ýerleşýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen iki daýhan birleşiginde şaly ekilen 8 müň 100 gektar ýerden 35 müň tonna golaý hasyl alyndy.