Kataloniýanyň «Barselonasy» Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen Ispaniýanyň Superkubogynyň ýarym finalynda Bilbaodan «Atletik» bilen duşuşdy. Duşuşyk «Barsanyň» peýdasyna 5:0 hasabynda tamamlandy. «Barselona» eýýäm birinji ýarymda 4 gol geçirip, oýnuň netijesini kesgitledi. Gollar 22-nji minutda Ferran Torresiň girizmegi bilen başlady. Şondan soň Fermin Lopes (30-njy minut), ýaş zehin Runi Bardagji (34) we Rafinýa (38) gol geçirdi. Ikinji ýarymyň başynda, 52-nji minutda bolsa Rafinýa ikinji goluny girizip, gutarnykly hasaby kesgitledi – 5:0. Bu ýeňiş kubogyň häzirki eýelerine 12-nji ýanwara geçilýän gije boljak finala çykmaga mümkinçilik berdi. «Barselonanyň» garşydaşy «Real» bilen «Atletikonyň» arasyndaky Madrid derbisiniň ýeňijisi bolar. Bu oýun şu gije Aşgabat wagty bilen ýarygije başlar. Belläp geçsek, «Barsa» 15 titul bilen ýaryşyň rekord eýesidir.