«Nýukaslyň» wingeri Harwi Barnsyň Angliýanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň «Lidse» garşy oýnunda geçiren goly Angliýanyň premýer-ligasynyň taryhynda iň giçki ýeňiş goly boldy. OptaJoe-niň X sosial ulgamynda habar berşi ýaly, gol duşuşygyň 102-nji minutynda, has takygy, 101:48-de girizildi. Şeýle statistika 2006/2007 möwsüminden bäri ýöredilýär. Oýun «Nýukaslyň» peýdasyna 4:3 hasabynda tamamlandy. Şol bir wagtyň özünde, oýnuň dowamynda topar hasapda üç gezek yza galdy – 0:1, 1:2 we 2:3. Barns oýunda iki gol bilen tapawutlandy. Ol bu oýunda öz toparynyň ilkinji we soňky goluny geçirdi. Bu ýeňşiň netijesinde «Nýukasl» utuk sanyny 32-ä ýetirdi we Angliýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde altynjy orny eýeleýär. «Lids» 21 tapgyrdan soň 22 utuk bilen 16-njy orunda ýerleşýär. APL-iň indiki oýnuny «Nýukasl» 18-nji ýanwarda geçirer. Topar «Wulwerhempton» bilen duşuşar. Mundan öň «Nýukasl» milli kuboklarda oýnar: 10-njy ýanwarda topar Angliýanyň Kubogynda «Bornmut», 13-nji ýanwarda Liganyň kubogynda «Mançester Siti» bilen duşuşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir