"Bugatti-Rimac" kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mate Rimas bahasy 4 million dollardan başlanýan täze "Bugatti Tourbillon" giperkarynyň gyşky synaglaryndan wideoşekilleri paýlaşdy. Synaglar Horwatiýanyň garly daglarynda geçirilýär we kadrlardan görnüşi ýaly, olar aňsat düşmändir: prototipleriň biri çuň garyň içinde kyn ýagdaýa düşüpdir. "Carscoops" neşiriniň ýerli "içaly" suratçylara (spy photographers) salgylanyp habar bermegine görä, awtoulaglaryň biri çygly garda şeýle bir batypdyr welin, ony el güýji bilen gazyp çykarmaly bolupdyr. Wideolarda we içaly suratlarynda "VP1" belgili prototip görkezilýär. Awtoulagyň näme sebäpden beýle ýagdaýa düşendigi anyk aýdylmaýar. Paýlaşylan wideo synagdan geçirilýän awtoulaglaryň interýerini hem ýakyndan görmäge mümkinçilik berýär. Ol önümçilik modelleriniň dizaýnyna meňzeş ýaly görünýär. Rul, özboluşly yşyklandyryşly mehaniki gurallar paneli we merkezi konsol aýdyň görünýär. Wideodan çen tutulsa, synaglara Mate Rimasyň hut özi hem gatnaşypdyr. Bugatti kompaniýasy "Tourbillon" modelini 2024-nji ýylyň tomsunda tanyşdyrypdy. Model täze şassi we 1800 at güýjüne eýe bolan 8,3 litrlik V16 motorly gibrid güýç ulgamy bilen üpjün edilen. Giperkar sagatda 100 km tizlige bary-ýogy iki sekuntda ýetýär. Bu modelden jemi 250 sany öndüriler we sargyt edilen awtoulaglary eýelerine gowşurmak işine 2026-njy ýylda başlamak meýilleşdirilýär.