Amerikaly işewür Ilon Mask neýrotehnologiýalaryň ösüşinde täze eýýamyň başlanýandygyny yglan etdi. Ýagny 2026-njy ýylda beýnä oturdylýan implantlaryň köpçülikleýin önümçiligine badalga berer, olary oturtmak bolsa tutuşlygyna awtomatik usulda amala aşyrylar. Bu barada telekeçi sosial torda ýazdy diýip, «MIR 24» habar berdi. Täze işläp düzme ilkinji nobatda agyr ysmaz keselliler we oňurga beýnisine şikes alan adamlar üçin niýetlenendir. Häzirki wagtda şeýle implantlary 12 adam aldy. Olar «beýni-kompýuter» interweýsini üstünlikli ulanmak bilen, elektron enjamlary dolandyrýarlar, onlaýn-oýunlary oýnaýarlar we internede girýärler. Ilkinji müşderi betbagtçylykly hadysadan soňra ysmaz bolan 29 ýaşly Noland Arbo boldy. Ol operasiýadan birnäçe hepde soňra sekiz sagatlap, pikiriň güýji bilen küşt oýnady.