Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow we Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlaglarynda sebitleriň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny bildiripdirler. Gutlag hatlarynyň teksti TDH döwlet habarlar agentliginde çap edildi. Beglow täze ýylda «ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam berjek bilelikdäki möhüm taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini nygtady. Onuň sözlerine görä, bu «Russiýanyň demirgazyk paýtagty bilen Türkmenistanyň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy saklamaga» ýardam eder. Babuşkin öz hatynda türkmen tarapy bilen gatnaşyklaryň aýratyn derejesini nygtady: «Türkmenistan Astrahan oblastynyň ýakyn dosty, goňşusy we ygtybarly hyzmatdaşydyr» - diýip, gutlagda bellenilýär. Ol hyzmatdaşlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň üns bermeginiň netijesinde köp sanly bilelikdäki durmuş-ykdysady taslamalaryň amala aşyrylandygyny nygtady. Gubernator 2026-njy ýylda sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şonuň ýaly netijeli boljakdygyna we mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.