«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» tresti boýunça geçen ýylyň on bir aýynda çykarylan «gara altynyň» möçberi 3 million 684 müň 540 tonna golaýlady. Netijede, bu babatdaky meýilnamanyň berjaý edilişi 109 göterimden geçdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, mawy ýangyjyň möçberi bolsa 4 milliard 218 million 600 müň kub metrden gowrak bolup, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 166,92 göterime barabardyr. Bu zähmet üstünliklerinde trestiň «Goturdepenebit», «Nebitdagnebit», «Gamyşlyjanebit», «Keýmir», «Gumdagnebit», «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş we «Körpeje» gaz çykaryş müdirlikleriniň mynasyp goşantlary bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir