«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda uglewodorod çig malyndan taýýarlanylýan önümler hil babatda ýokary ülňülere doly laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Geçen ýylyň on bir aýynda bu ýerde nebit we nebithimiýa önümlerini öndürmekde guwandyryjy netijeler gazanyldy diýlip , «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Hususan-da, zawodlar toplumynda gaýtadan işlenen «gara altynyň» möçberi 4 million 506 müň tonnadan geçip, bu babatda 106,7 göterim ösüş gazanyldy. Şeýlelikde, nebiti gaýtadan işleýjiler dürli görnüşli ýokary hilli benziniň jemi 1 million 345 müň tonna golaýyny öndürip, sarp edijilere ýetirdiler. Zawodlar toplumynda kerosini, dizel ýangyjyny, nebit ýangyjyny (mazudy), polipropileni, çalgy ýaglaryny, nebit koksuny, nebit bitumyny, suwuklandyrylan gazy öndürmekde ýetilen sepgitler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.