Geçen ýyl RM Sotheby's awtoulag auksionlarynda 75 sany awtoulag rekord bahadan satyldy. "Robb Report" neşiriniň maglumatyna görä, 2025-nji ýylda amala aşyrylan geleşikleriň umumy bahasy 1 milliard dollardan geçdi. Auksiondaky iň gymmat lot 1954-nji ýylda öndürilen Mercedes-Benz Streamliner ýaryş awtoulagy boldy — ol 51,2 million dollara ýerlendi. 1950-nji ýyllaryň ortalarynda bu ulagy meşhur sürüjiler Huan Manuel Fanhio we Stirling Moss sürüpdi, soňra bolsa ol köp ýyllaryň dowamynda muzeýlerde saklandy. Geçen ýylyň dowamynda RM Sotheby's auksion meýdançalaryndan jemi 1024 sany kolleksiýa awtoulagy satyldy. Söwdalaşyklara 82 ýurduň wekilleri gatnaşyp, awtoulaglar 54 döwlete ugradyldy. 135 lotuň bahasy 1 million dollarlyk sepgitden geçdi, olaryň 75-si bolsa öz markasy ýa-da modeli üçin täze rekord goýdy. Iň gymmat satylan awtoulaglaryň ilkinji onlugyna şular girýär: Ferrari 250 LM Scaglietti (1964): Le Man ýeňijisi — 36 mln dollardan gowrak; Ferrari Daytona SP3: (ýörite sargyt) — 26 mln dollar; McLaren F1 (1994): — 25,3 mln dollar; Gordon Murray T.50s Niki Lauda (S1 LM): — 20 mln dollar; Ferrari F2001 (Mihael Şumaher): — 18,1 mln dollar; Ford GT40 Mk II (1966): — 13,2 mln dollar; McLaren F1 (2026-njy ýylyň geljekki modeli): — 11,5 mln dollar; Ferrari F40 LM (1993): — 11 mln dollar; Pagani Zonda (özboluşly nusga): — 10,1 mln dollar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir