1-nji ýanwarda Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde täze ýylda ilkinji çaga dünýä indi. Ata-enesi oglanjyga Atamyrat diýip at goýdy. Bedew batly ösüşlere beslenjek ýylymyzyň ilkinji gününi begenç-buýsanja beslän akja bäbek, Gaýypowlaryň agzybir maşgalasy bilen birlikde, ol ýerdäki ähli lukmanlaryň şatlygyny artdyrdy diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. 2026-njy ýylyň ilkinji minutlarynda Aşgabat şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary — Şeker hem-de Emir Gaýypowlaryň ilkinji ogul perzende gözi düşdi. Bu bagtyýar maşgala Türkmenistanyň Prezidentiniň, Halk Maslahatynyň Başlygynyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy, gutlag sözleri, iň gowy arzuwlar aýdyldy. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, Aşgabat şäherindäki şeýle döwrebap merkezleriň birinde dünýä inen Atamyratjyk sagdyn doguldy. Onuň agramy 3100 gram, boýy bolsa 48 santimetr. Bäbejige we onuň ejesine lukmanlardyr şepagat uýalary tarapyndan ähli degişli gözegçilik işleri öz wagtynda geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir