Hyundai kompaniýasy ABŞ-da 2022–2024-nji ýyllarda öndürilen 51 587 sany Tucson krossowerini yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Ulaglaryň yzyna çagyrylmagyna tirkeg enjamynyň simler toplumyndaky kemçilik sebäp boldy. Kompaniýanyň inženerleriniň anyklamagyna görä, simleriň kuzowa birikdirilýän nokady çyg geçirip biler. Eger suw dolandyryş modulyna girse, toguň gysga utgaşmasynyň döremegi mümkin. Onçakly çynlakaý däl ýagdaýlarda bu mesele tirkeg çyralarynyň ýa-da ulagyň tormoz çyralarynyň işlemezligine getirer, bu bolsa ýol-ulag hadysasynyň töwekgelçiligini artdyrýar. Has howply ýagdaýlarda bolsa gysga utgaşma sebäpli simleriň tutaşmagy we ýangyn döremegi mümkin. Hyundai sürüjileriň awtoulaglaryny dolandyryp biljekdigini belleýär, ýöne eýelerine kemçilik düzedilýänçä ulaglaryny binalardan we desgalardan howpsuz aralykda goýmagy maslahat berýär. Kompaniýa 2026-njy ýylyň fewral aýynyň ikinji ýarymyndan başlap abatlaýyş işlerine girişmegi meýilleşdirýär. Bu çäre diňe zawodda gurnalan tirkeg enjamly awtoulaglara degişli däl. ABŞ-da dilerlik merkezleriniň üsti bilen özbaşdak gurnamak üçin 1338 sany sim toplumy satyldy, şonuň üçin şol toplumlary gurnadan awtoulag eýeleriniň hem barlagdan geçmegi zerur. Şeýle-de bolsa, bu toplumlaryň dilerlik ulgamyndan daşarda haýsy awtoulaglara gurnalandygyny anyklamak kynçylyk döredýär. Hyundai kompaniýasynyň soňky döwürde elektrik ulgamyndaky näsazlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolşy birinji gezek däl. Oktýabr aýynda kompaniýa starteriň klemmasynyň näsazlygy sebäpli 136 000 sany Santa Fe krossowerini yzyna çagyrdy, geçen aý bolsa yzy görkezýän kameranyň hatardan çykmagy sebäpli şol bir modeldäki ýene 143 000 awtoulag hyzmat merkezlerine gönükdirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir