Samsung kompaniýasy ABŞ-da iPhone 18 smartfonlar toplumy üçin şekil sensorlaryny öndürmäge başlamagy meýilleşdirýär diýip, The Elec neşiri habar berýär. Neşiriň berýän maglumatyna görä, Koreýanyň tehnologiýa ägirdi Tehas ştatynyň Ostin şäherindäki zawodynda CMOS şekil sensorlarynyň önümçiligini ýola goýmakçy bolýar. Täze ýerleşdirilen boş iş orunlary, şeýle hem Ostin şäher geňeşiniň Samsung kompaniýasynyň zawody ösdürmek üçin 19 milliard dollar maýa goýmak niýeti barada ýakynda beren bildirişi bu maglumatlary tassyklaýar. Bu sensorlaryň iPhone 18 seriýaly smartfonlarda ulanylmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa, anyk haýsy sensorlaryň çykaryljakdygy ýa-da olaryň iPhone 18-iň haýsy modellerinde (mysal üçin, Pro ýa-da binýatlaýyn modellerde) peýda boljakdygy heniz takyk mälim däl. Apple däp boýunça öz smartfonlarynyň kamera sensorlaryny üpjün edijiler baradaky maglumatlary gizlin saklaýar. Häzirki wagtda internetde geljekki iPhone modelleriniň kameralarynda bolup biljek tehniki üýtgeşmeler barada hem anyk maglumatlar ýok diýerlikdir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir